Ýewropanyň Ukrainadaky krizisi
1
Ukrainadaky ýörişlerden pursat
Ukrainada dörän bu krizisiň nähili tamamlanjagyny çaklamak mümkin däl. Biz – Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar – ol ýerde has durnukly demokratiýa tarap parahat geçişi ýola goýmak, şeýle hem gyssagly we zerur reformalaryň durmuşa geçirilmegi üçin elimizden geleni edýäris. Häzir prezident Wiktor Ýanukowiç bilen onuň garşydaşlarynyň arasynda gelnen ylalaşyk muňa täze mümkinçilik döretmeli.
Eger-de ylalaşyk äsgerilmese, Ukrainadaky bulaşyklyk we çaknyşyklar barha çuňlaşar. Bu bolsa hiç kimiň bähbidine bolmaz. Şonuň üçin, Ukraina krizisi – Ýewropa krizisidir. Bu krizisiň nähili tamamlanjagyny bilmesek hem, onuň nädip başlandygy barada açyk gürrüň etmelidiris.

Makalanyň awtory Karl Bildt Şwesiýanyň daşary işler ministridir.
Ukraina ençeme ýyllap ÝB bilen ýakyn gatnaşyklary küýsäp geldi. Onuň liderleri ÝB-niň Gündogar Ýaranlygynyň çäginde has berk gatnaşyklary ýola goýmak baradaky wadalary gyzgyn garşy aldylar. Şeýle hem olar ÝB-niň Birleşik Ylalaşygyny we Çuň hem Giň Erkin Söwda Zolagy baradaky taslamalary goldap geldiler. Ukrainanyň öňki hökümeti bilen başladylan şol gepleşikler tamamlananda, Ukraina 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alandan soň iş başynda bolan dört prezidentiň we 14 premýer-ministriň ählisi bu ylalaşygyň tarapynda çykyş etdiler.
Emma 2013-nji ýylyň noýabrynda Wilnusda geçirilmegi meýilleşdirilen Gündogar Ýaranlygy sammitiniň öňüsyrasynda ÝB bilen Ukraina galan meseleler barada pikir alşyp ýörkä, birdenkä birzat üýtgedi duruberdi. Awgust aýyndan başlap, Russiýanyň syýasatçylary Ukrainanyň saýlap alan ýoluny kesmek baradaky maksatlaryny açyk yglan edip başladylar. Ylalaşyga garşy syýasy çäreler ýola goýuldy. Kreml Ukrainanyň eýýäm tapdan düşen ykdysadyýetini nyşana alýan garyşyk sanksiýalar bilen haýbat atyp başlady.
Russiýanyň liderleri, eger-de Ukraina ÝB bilen erkin söwda zolagy baradaky ylalaşyga gol çekse, onda onuň Russiýa bilen erkin söwda zolagy baradaky ylalaşygy ýitirjekdigini, ähli harytlara we hyzmatlara ýokary tarifleriň giriziljekdigini yglan etdiler. Ýiti ykdysady basyşyň açyk ykdysady söweşe öwrüljegi belli edildi.
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç ýoldan çykdy. ÝB-niň liderlerine beren düşündirişinde, ol Birleşik Ylalaşygyna gol çekmäge taýýar däldigini, bu karara Russiýanyň basyşynyň sebäp bolandygyny açyk aýtdy.
Bu hereketiň netijesinde dörän wakalar Kiýewiň köçelerindäki weýrançylyk we adam ýitgileri bilen tamamlandy. Ukrainalylaryň köpüsi üçin, Ýewropa has gowy durmuşa bolan umytlaryň nyşany bolupdy. Emma birdenkä olar özleriniň syýasy elita tarapyndan kemsidilendiklerini duýdular. Şonuň üçin, açyk aýtmaly bolsa, häzirki krizisiň döremegine Kremliň basyşy we Ýanukowiçiň administrasiýasynyň bigeleňligi sebäp boldy.
Eger-de Ýanukowiç Russiýanyň basyşyna garşy durmagy karar eden bolsady, onda Ukrainanyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljagy ikuçsyzdy. Emma ÝB-niň Birleşik Ylalaşygy, şeýle hem mümkin bolan maliýe kömegi we Halkara walýuta gaznasynyň reformalar boýunça ýardamlary Russiýanyň görjek çärelerini gowşadardy.
Elbetde, Ukrainadan soralýan reformalary durmuşa geçirmek kyn bolardy, emma olar özleriniň geljegini Ýewropada we Ýewropa bilen görýän öňki kommunist ýurtlardan soraýanlarymyzdan kyn bolmazdy. Ýerasty geçelgäniň soňunça ýagtylyk bolardy. Ukraina reforma prosesini ýola goýdugyça, onuň kararlydygyna göz ýetirip, bu ýurda demokratiki Ýewropa döwleti hökmünde garardylar.
Munuň deregine, Ýanukowiç gysga möhletleýin strategiýany saýlap alyp, özüniň syýasy durmuşynyň aladasyny etdi. Protestçiler bu strategiýa hilegärlik bilen edilýän oýun hökmünde garap başladylar. Hökümet öz garşydaşlaryny basyp ýatyrmak üçin zorluk ulandygyça, zorluk ulanýan garşydaş toparlara ynam artyp başlady.
Hem Russiýa, hem ÝB bilen erkin söwda zolagy Ukrainanyň ykdysadyýeti üçin gürrüňsiz peýdaly bolardy. Harytlaryň Ukrainanyň üsti bilen Russiýa geçjekdigi barada aýdylan galp pikirlere garamazdan, bu ýagdaý Russiýanyň ykdysadyýetine hem peýda getirerdi. (Meksika bilen ÝB-niň arasyndaky erkin söwda zolagy boýunça ylalaşygyň Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetine zeper ýetirýändigi barada şikaýat eşidipmidiňiz?)
Russiýa Ýewraziýa Bileleşigi baradaky täze strategiýanyň üstünde işleýär. Oňa Ukrainany hem goşmak barada kararly görünýär. ÝB-niň Ukraina basyş edýändigi barada açyk çykyş edip ýörkä, aslynda Russiýa bu ýurdy özüniň ÝB ýolundan zor bilen ýüz öwürtjek boldy. Ine, şol çäre häzirki krizisiň çeşmesidir: hakykatlaryň öz-özleri gürleýär.
Iň gowy ýagdaýda hem, yza ýol Ukraina üçin kyn bolar. Russiýanyň basyşy we durnuksyzlandyryş çäreleri, şeýle hem onuň döreden krizisi Ukraina jemgyýetinde täze jaýryklary emele getirip, onuň gowşak ykdysadyýetine goşmaça zeper ýetirdi.
Ýetirilen bu zeper bir gün Russiýa tarap syçrap biler. Kreml durnukly we reforma geçirýän, şeýle hem beýleki ýurtlar ýaly ÝB bilen has ýakyn gatnaşyklaryň gözleginde bolýan goňşudan bähbit tapmalydyr.
Karl Bildt 2006-njy ýyldan bäri Şwesiýanyň daşary işler ministridir. Ol 1991-1994-nji ýyllar aralygynda Şwesiýanyň premýer-ministri mahaly bu ýurduň ÝB agzalygy baradaky gepleşiklere ýolbaşçylyk edipdi. Makalanyň asyl nusgasy ilki başda dünýäniň iň uly pikir-garaýyş birleşigi bolan “Project Syndicate” neşirinde iňlis dilinde çap edildi. “Halkara” žurnaly 2013-nji ýyldän bäri bu birleşigiň neşirleýin agzasydyr.
Näme-de bolsa Ukrainanyň halkynyň 78 prosenti Ukrain, olaram EU-ny halaýarlar. Rossiýany diňe orslar halaýar.