Baba Annanow 80 ýaşady
0
Baba Annanow
Öňki Sowet Soýuzynyň dürli künjeginde bir ýylda 50 milliondan gowrak tomaşaça ýetirilen “Aýgytly ädim” filmindäki keşbi bilen halkyň hakydasynda galan Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, teatr we kino ussady, ýazyjy hem dramaturg Baba Annanow, aramyzda sag-aman gezip ýörenliginde, bu gün 80 ýaş toýuny tutmalydy. Ol 1934-nji yylyň 20-nji fewralynda Aşgabadyň golaýyndaky Garadamak obasynda dünýä inipdi.
Onuň hakyky ady Gurbanguly bolmalydy. Dünýä inende oňa babasynyň ady dakylýar. 1941-1945-nji ýyllaryň gazaply urşunda söweş meýdanynda wepat bolan atşynas kakasyna Annanyýaz Ataguly ogly diýer ekenler. Ejesi 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde heläk bolýar.
Başdan ady “Babam” diýip tutulan we kakasynyň ady gysgaldylyp tirkelen Baba Annanow çagalyk ýyllaryny Aşgabadyň “Budýonnyý” kolhozynda geçirip, atşynaslyk bilen meşgullanýar, dükanlarda satyjy bolup işleýär. 1954-nji ýylda Daşkentde ýerleşýän A. N. Ostrowskiý adyndaky teatr-sungat institutynyň aktýorçylyk bölüminde okuwa başlap, ony 1959-njy ýylda tamamlan Baba öz döredijilik ýoluna Çärjewiň (häzirki Türkmenabat) drama teatrynda gadam basýar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň telestudiýasynda režissýor bolup işleýär. Ilki başda kiçeňräk filmlerde çykyş eden Baba Annanow soňra režissýor Alty Garlyýewiň ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň adybir romany esasynda döreden “Aýgytly ädim” filmindäki Artygyň obrazy bilen kino ýyldyzyna öwrülýär.
Ýokarky wideo “Aýgytly ädim” filminden bölek
Baba Annanowyň ady “Aýgytly ädim” filminden soň Türkmenistanyň orbitasyndan çykýar. Ol goňşy Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Ukrainanyň kino işgärleri bilen ýakyndan işleşip başlaýar, olaryň birnäçe filmlerinde surata düşýär. Soňra Baba Annanow türkmen kino režissýory Öwülýäguly Kulyýewiň “Keçpelek” filminde bagşy Berdimyradyň roluny ýerine ýetirip, halkyň uly hormatyna mynasyp bolýar. Filmiň sazyny ussat kompozitor Nury Halmämmedow ýazýar.
1967-nji ýylda režissýor Meret Atahanowyň “Ýalynly furgonyň ýoly”, 1968-nji ýylda Hojaguly Narlyýewiň “Gämiçiniň jany bir”, 1973-nji ýylda Muhammet Söýünhanowyň “Meleguş”, 1974-nji ýylda Halmämmet Kakabaýewiň “Altynyň öwüşgini”, şol ýyl Öwülýäguly Kulyýewiň “Gaýgysyz Atabaýew” filmlerinde, rollaryň ululygyna ýa kiçiligine garaman, surata düşýär. “Gaýgysyz Atabaýew” filminde Türkmenistanyň ilkinji Halk komissarlar sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň obrazyny ussatlyk bilen janlandyran Baba Annanow bu roly üçin 1974-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen ada mynasyp bolýar.
Ýokarky wideo “Gaýgysyz Atabaýew” filminden bölek
Baba Annanow onlarça çeper filmleri döretdi, powestdir hekaýalary hem ýazdy. Onuň adybir hekaýasy esasynda 1978-nji ýylda döredilen we türkmen kinematografiýasynyň altyn gaznasyna girizilen “Kärizgenler” kinodramasynda adamlaryň ýaşamak üçin tebigat bilen barlyşyksyz göreşýän ýowuz günleri, beýik Ýeňşe golaýlaşmak alyp barýan durmuşy we gaýduwsyzlyk beýan edilýär. Film Bäherdeniň (häzirki Baharly) çäklerinde surata düşürilýär. Filmiň gahrymanlaryny Türkmenistanyň Halk artisti Ata Döwletowyň, artistler Kerim Annanowyň, Bahargül Kerimowanyň, Enwer Annagulyýewiň we Elwira Kulyýewanyň ýerine ýetirmekleri tomaşaçylarda uly söýgi döredýär. 1979-njy ýylda Ýerewanda geçirilen bütinsoýuz kinofestiwalynda filmiň baş gahrymanyny – Maralyň roluny – oýnandygy üçin Elwira Kulyýewa “Iň gowy zenan keşbini döreden” diýen baýraga eýe bolýar. 1980-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilen bütinsoýuz festiwalynda bu film “Iň gowy çeperçilik-şekillendiriş çözgüdi” diýen diplom bilen sylaglanýar.
Baba Annanow ömrüniň soňky günlerinde “Zöhre-Tahyr” filmini döredýär, emma ajaýyp kino ýyldyzynyň özüne bu filmi görmek miýesser etmeýär. Ol iň soňky gezek Bilbil Mämmedowyň “Ýaşlygymyň dessany” filminde baş gahryman Maksadyň garrylyk ýyllaryndaky obrazyny ýerine ýetirip, uzaga çeken agyr keselden soň, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda paýtagt Aşgabatda 57 ýaşynda aradan çykýar. Filmi tamamlamagy ogly Kerim Annanow öz üstüne alýar. Ol häzir atasynyň kesbini dowam etdirip, kino sungaty bilen meşgullanýar.