Indi Owganystan başyny çararmy?
0
Owganystanda ýaş işçi güýji (0-25 ýaş aralygy) 23 milliona golaý bolan ilatyň 68 göterimini emele getirýär. (BMG foto)
Asyryň başynda Owganystan ykdysady taýdan ysmaz ýatyrdy. 2001-nji ýylda bu ýurda halkara harby güýçleriň girmegi oňa mundan öň görlüp-eşidilmedik halkara goldawyň peýda bolmagyna getirdi. Emma 12 ýyla çeken söweşden soň, Owganystan halkara jemgyýetçiliginiň gerdenindäki agyr ýük bolmagynda galýar.
Owganystanyň öz başyny çaramaly günleri ýetip gelýär. Ony başarmak üçin, Owganystan globalizasiýanyň dinamikasyna we düzgünlerine eýermeli bolar. Halkara jemgyýetçiligi we iş başyndaky hökümet bu prosese girişdi. Emma täze hökümet bu işi has güýçli ygrarlylyk we has çalt depginde dowam etmeli bolar. Bolmasa, ony durmuşa geçirip bolmaz.
Geçen 12 ýylyň dowamynda habar beriş serişdeleriniň, ylmy-barlag guramalarynyň we ekspertleriň köpüsi ünsi Owganystanyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna gönükdirdiler. Onlarça ýyllyk çaknyşyklardan soň, bu ýerde geň görüp oturara zat hem ýokdy. Emma bu ýagdaý hyýaly “analiz ysmazynyň” döremegine hem getirdi. Bar bolan çynlakaý howpsuzlyk hupbatlaryna garamazdan, Owganystanyň ýurdy ösdürip biljek ýokary aýratynlyklarynyň bardygyny synçylaryň diňe käbiri nygtady.
Birinjiden, Owganystana dürli tarapdan – harby, diplomatiki we maliýe taýdan goldaw berýän ýurtlaryň sany köp. Birleşen Ştatlar Owganystana 2002-nji ýyldan bäri harby maksatlara niýetlenmedik 100 milliard dollar goýberdi. Haýsydyr bir ýurdy gaýtadan dikeltmek üçin şeýle möçberdäki puly ABŞ şu çaka çenli sarp etmändi. Şu ýyl bu ýurtdan harby goşunlar çykarylandan soň hem, ençeme ýurtlar oňa ygrarly bolup galarlar. Mysal üçin, Germaniýa 2016-njy ýyla çenli azyndan 587 million dollar bermegi wada etdi. Aziýanyň Ösüş Banky we Birleşen Milletler Guramasy ýaly edaralar hem öňümizdäki ýyllarda bu ýurdy ünsden düşürmezler. Halkara jemgyýetçiliginiň şu goldawy we ünsi bu ýurda ekzogen peýdalary getirýär.
Bulara endogen bähbitleri hem goşalyň. Bularyň käbiri mundan öňki ýyllarda hem bardy, käbirleri bolsa diňe ýakyn ýyllarda peýda boldy. Bularyň soňkularynyň arasynda Owganystanyň bäsleşige we gatnaşyga şert döredýän demokratik syýasy institusiýalaryny görkezmek bolar. Maksat edinilişi ýaly, bu guramalar ýurduň ýeke-täk häkimiýetiň höwesiniň pidasy bolmagynyň öňüni almaly. Saýlaw prosesi, iň bolmanda kagyz ýüzünde, oturan elitalar we süňke öwrülen idealar üçin ýörite mehanizm bolup hyzmat edýär. Muny goldaýan we raýat jemgyýetçiliginiň sesiniň eşidilmegine ýardam berýän zat bolsa erkin mediadyr: bu ýurtda 35 TW kanal, 100-den gowrak radio we 150-den gowrak gazet bar. Beýleki ösmedik döwletleriň ençemesi bu zatlary diňe arzuw edip bilerler.
Şeýle hem Owganystan gymmaty 1 trillion dollara durýan tebigy çeşmeleriň mekanydyr. Olaryň arasyna kömür, mis, litiý, altyn, gymmat bahaly daşlar, altyn, uly möçberdäki tebigy gaz we nebit ýataklary hem girýär. Munuň bilen birlikde, ol seýrek duş gelýän toprak elemenlerine hem eýeçilik edýär. Häzir Hytaý seýrek toprak elementleriniň global üpjünçiliginiň 90 göterimini öz elinde saklaýar.
Owganystanda oba-hojalyk önümçiligi üçin zerur bolan baý topraklar hem bar: owgan prezidentiniň baş ykdysady maslahatçysynyň aýtmagyna görä, ýurduň ekine ýaramly meýdanlarynyň 12 göterimi 160 million adam üçin azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmäge ukyplydyr. Bu pudaga maýa goýmak azyk önümçiligine we düýpli eksporta ýol arçap biler. Munuň bilen birlikde, käbir adamlar bu ýurduň geografiki petikde ýerleşýändigini aýtsa-da, aslynda ol gury ýere gabalan Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýany birleşdirip biljek ýerdedir. Bu ýagdaý Owganystana söwda we energiýa geçelgesi hökmünde çykyş etmäge, şeýle hem beýleki senagatlara hem girişmäge şert döredýär.
Eger-de şu mümkinçilikleriň ählisinden peýdalanylsa, gazanyljak girdejini ýurduň fiziki binýadyna, şeýle hem mekdepler ýaly sosial binýadyna maýa goýup bolardy.
Ýurdy ösdürjek beýinler – owgan halky – hem öz ýerinde: ýaş işçi güýji (0-25 ýaş aralygy) 23 milliona golaý bolan ilatyň 68 göterimini emele getirýär. Elbetde, bu beýinler ýurdy ösdürmek üçin gerek bolan ylym-bilim bilen doldurylmaly bolar. Bu ýurtda başlangyç mekdebe ýazylýanlaryň sany 2001-nji ýyldaky 21 göterimden 10 ýylyň içinde 97 göterime bardy.
Bagyň çür depesindäki almamy? Owganystanyň iki goňşusy dünýäniň iň uly senagatçylarynyň arasyndadyr: Hytaý we Hindistan. Olaryň ikisi hem ýurduň tebigy baýlyklaryna gyzyklanma bildirýär. Owganystan bu ýagdaýdan peýdalanyp, olaryň ykdysady orbitasyna goşulyp biler. Magdançylyk we işläp çykaryş juda uly salgyt girdejilerini, iş orunlaryny we edara-kärhanalary döredip, zerur bolan ykdysady ösüşe itergi berer.
Bu ekzogen we endogen aýratynlyklaryň sanawy we olaryň gabat gelen döwri beýleki ösüp barýan döwletleriň ençemesiniň diňe düýşüne girip biler. Bar bolan pursatlary göz öňünde tutsaň, Owganystan özüni ösdürmek we sosial bulaşyklygy aradan aýyrmak isleýän bolsa, onda ol bu ýagdaýdan iki elläp peýdalanmaly bolar. Ýaş nesliň köp bolmagy ýurduň bähbidine bolup biler, emma ol örän uly jogapkärçilik hem getirýär: işe höweslendirilmeýän we gurluşyga gatnaşdyrylmaýan ýaş nesil, esasan hem işsiz gezip ýören gaharly ýaş oglanlar gurmaga derek ýykmaga tarap meýil edip bilerler. Sosioykdysady ysmazlyk başbozarlyga hem itergi berip bilýär.
Owganystan özünde bar bolan ägirt uly ösüş potensialyna göz ýetirmelidir. Eger-de täze hökümetde syýasy kararlylyk bolmasa we pursatdan peýdalanyp bilmese, Owganystan ýene-de köpleriň lapyny keç etmäge dowam eder, owganlaryň özi bolsa onlarça ýyllap diňe yza seredip, zar-zar aglap gezerler.
Riçard Gaýsi Kabulda ýerleşýän Strategiki barlaglar boýunça owgan institutynyň (AISS) ylmy işgäridir. Makalanyň asyl nusgasy Ýaponiýada neşir edilýän “The Diplomat” žurnalynda 30-njy ýanwarda çap edildi. Ondaky garaýyşlar awtoryň özüniňkidir.