Has kyn halas bolmak ýatlamalardan…
0
Türkmen topragynda 19-nji asyryň ahyrynda bolup geçen aldym-berdimli Gökdepe söweşiniň hudožniki beýany
Edermenlik, gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk. Türkmen topragynda 19-nji asyryň ahyrynda bolup geçen aldym-berdimli Gökdepe söweşinde sada we türkana türkmenler ýurdy goramak üçin merdanalygyň şeýle belent nusgalaryny görkezdiler, Watanyň bir garyş topragynyň özleri üçin hemme zatdan eziz hem mukaddesdigini dünýä äşgär etdiler.
Taryhyň sahypalary türkmen halkynyň hiç haçan uruş islemändigini subut edýär. Ýöne eger duşman milletiň azatlygyna şek ýetiren mahaly, türkmenler dogduk mekany goramak üçin aýaga galyp, Watanyň şan-şöhratynyň hatyrasyna özleriniň janlaryny aýamandyrlar. 1881-nji ýylda bolan Gökdepe söweşini gözi bilen gören iňlis ýazyjysy Edmond O.Donowanyň “Merw” atly kitabynyň Gökdepä bagyşlanan bir bölüminde şeýle setirler bar:
Maňa gelýän telegrammalara görä, türkmenler iň soňky demlerine çenli söweşmäge, garaşsyz we azat bolmak üçin göreşmäge taýýardylar, olar başga birine tabyn bolmazlyga äht edipdiler.
Aýdyşlary ýaly hem, türkmenler bir ädim hem yza gitmän, ene toprak üçin jan berdiler.
Senesi anyk ýadyma düşenok. Bir gezek Gökdepe galasynyň ýerleşen ýerine saý-sebäp bilen barmaly bolupdym. Gum depelerine öwrülen bir mahalky beýik galanyň galyndylary, göräýmäne, tebigatyň synagyna döz gelmän, ýyllaryň gatyna siňip giden adaty depeler ýaly bolup görünse-de, ol ýerde il-ýurduň erkinligi ugrunda pida bolan bigünä gerçekleriň gyrmyzy gany ýatyrdy. Depeleriň arasynda aýlanyp ýörkäm, ýowuz gyşyň şol pajygaly günlerinde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň, doganlarymyzyň we uýalarymyzyň, bala-çagalaryň başdan geçirenleri gözümiň öňünde janlanyp gidýärdi, ýatlamalar inimi dygladýardy.
Meşhur türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly:
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
Düşüň, ýatlamalar, köňlüme häli –
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly…
Diňe bir Gökdepe söweşi däl, 1855-nji ýylyň Sarahs söweşi, 1858-nji ýylyň Garrygala söweşi, 1861-nji ýylyň Mary söweşi we 1873-nji ýylyň Gazawat söweşi hem türkmen halkynyň hakydasynda Watan goragçylarynyň synmaz ruhunyň belent nusgasy hökmünde ebedilik ýatlama bolup galdy. Ýatlamalar bolsa milletiň ruhy dünýäsiniň özeni bolup, nesilleri baglanyşdyrýar, olar taryha ser salyp, häzirki ýaşaýşa akyl ýetirmäge we geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär.
1881-nji ýylyň Gökdepe söweşinden soň, heniz üç ýaşyndaka grafinýa Milýutina tarapyndan Gökdepe galasyndan alnyp gidilip, Moskwadaky gyzlar gimnaziýasynda, soňra Ýelizaweta adyndaky mugallymlar institutynda bilim berlen, emma ata-Watana bolan duýgusy ýüreginden öçmedik Artykgül Tekegyzy (Tatýana Tekinskaýa) türkmen topragyna gaýdyp gelenden soň Muhammetguly Atabaýewe ýazan hatlarynyň birinde şeýle diýipdi:
Meniň mähriban we eziz dostum Muhammetguly! Bu gün meniň 30 ýaşymyň dolýan güni. Biziň ülkämiziň eýelenmegine-de 27 ýyl bolýar. Men öz ýaşlarymyzyň ösüp, ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary göteriliş we azatlyk berjegine berk ynanýaryn. Elbetde, belki sen ony görüp bilmersiň. Emma seniň çagalaryň we agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar.
1913-nji ýylda Muhammetguly Atabaýewiň öýi dökülende tapylan bu hat sebäpli Artykgül Tekegyzy Ukraina sürgün edilipdi. Emma demirgazykdaky ruslara türkmenlerden öz imperiýalary üçin hyzmatkär ýasamak başartmaýar. Uzak ýurtlarda bilim alyp, Watana dolanyp gelen 250-ä golaý garagöz türkmen ýaşlary hemişe öz ýurtlaryny azat etmegiň arzuwynda bolupdyrlar. Olaryň köpüsi 1937-nji ýyllaryň tutha-tutlugynda bolşewikler tarapyndan atylyp öldürilýär.

Türkmen topragynda 19-nji asyryň ahyrynda bolup geçen aldym-berdimli Gökdepe söweşiniň hudožniki beýany
Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz. Her bir halk özüniň mertlige ýugrulan geçmişi bilen buýsanmaga doly haklydyr. Ony geljekki nesillere wagyz etmek bolsa külli borçdur. Nesilleriň bolsa ene topraga aňsatlyk bilen ýetilmändigine düşünmegi juda zerurdyr. Diňe öz geçimişlerini içgin bilýän nesiller milletiň içki ukyplaryny toplap, şondan ruhy kuwwat almagy we ony belent güýje öwürmegi başarýarlar. Bu geçmişde-de şeýle bolupdy, geljekde-de şeýle bolar.
Türkmenistan her ýylyň 12-nji ýanwarynda – Gökdepe galasynyň synan gününde döwlet derejesinde Hatyra gününi belleýär, şol söweşde wepat bolan gerçeklerini ýatlaýar. Bu gün hem ýurduň ähli künjeklerinde, şäherlerde we obalarda Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, metjitlerde Gökdepe galasyny goraýjylaryň, söweşde gara başlaryny goýup, şehit bolan ähli gahrymanlaryň ruhunyň aram tapmagy dileg edilip, aýatlar okalýar.
Goý, Beýik Biribar uruş diýen ýowuz belany adamzadyň başyna hiç haçan salmasyn! Türkmen topragynda parahatçylyk we abadançylyk höküm sürsün! Watan ugrunda şehit bolanlaryň ruhlary şat bolsun!
Taýmaz Aköýli “Halkara” žurnalynyň redaktorydyr.