• Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

HALKARA

Çar tarapdan bitarap...

    • Soňky makalalar

      Näme habar?

    • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy

      Mart 24, 2014

    • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda

      Mart 23, 2014

    • Seslenmeler

      Iň täzeleri

    • Adam seslendi:

      Taryha gaýgy bilen garaýyş

    • Lachyn seslendi:

      Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?

  • Baş sahypa
  • Amerika
  • Ýewropa
  • Merkezi Aziýa
  • Gündogar Aziýa
  • Günorta Aziýa
  • Ýakyn Gündogar
  • Ykdysadyýet
  • Jemgyýet
  • Howpsuzlyk
  • Merkezi Aziýa · Nukdaýnazar

Hiç ýere barmaýan “Täze Ýüpek Ýoly”

0
  • Redaksiýa
  • — 11 Jan, 2014
Aslynda, CASA-1000 we “Täze Ýüpek Ýoly” taslamalary ABŞ–Merkezi  Aziýa–Russiýa arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde ýardam edip bilerdi.

Aslynda, CASA-1000 we “Täze Ýüpek Ýoly” taslamalary ABŞ–Merkezi Aziýa–Russiýa arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň guraly bolup bilerdi.

ABŞ şu ýylyň dowamynda Merkezi Aziýadan, has dogrusy Owganystandan çykyp gaýtmaga taýýarlanýar. Bu sebitdäki esgerler, pullar, enjamlar, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň bähbitleri yza çekiler. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti (Daşary işler ministrligi) “Täze ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylýan taslamany öňe sürýär. Bu taslama Merkezi Aziýanyň taryhy roluny – Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky derweze hökmündäki ornuny gaýtadan dikeltmegi maksat edinýär.

Bu başlangyjyň özeninde gurluşygy takmynan 1 milliard dollara durýan Merkezi Aziýa – Günorta Aziýa elektrik geçirijisi ýa-da CASA-1000 ýatyr. 1,200 kilometre barabar boljak bu geçiriji Gyrgyzystandaky we Täjigistandaky gidroelektrigi tokdan kösenýän Owganystana we Pakistana eltmeli. Gynansagam, Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýada gowy miras goýmak babatdaky ýagşy niýetli tagallalary ahyrynda bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine pasgelçilik döretjek has giň regional meseleleri gözden salýar.

CASA-1000 taslamasyna dogry düşünmek gerek. Maksat – sebit üçin önjeýli elektrik sistemasyny döredip, “gowy iş orunlaryny, döwrebap tehniki binýady, düzüw sosial hyzmatlary we hemmelere degişli ösüşi öz içine alýan güýçli ykdysadyýeti” ýola goýmakdyr. CASA-1000 taslamasy öňki Sowet döwletleriniň Russiýanyň tehniki binýadyna garaşlylygyny aradan aýryp, olar üçin goşmaça energiýa geçelgelerini döretmek babatdaky ABŞ başlyklaýyn tagallalara hem bap gelýar.

Taslamanyň gözden salýan iň möhüm meseleleriniň biri – üpjün ediji içerki tehniki binýadyň haly harap bolan ýagdaýydyr. CASA-1000 üpjünçilik üçin şoňa daýanýar. Hem Gyrgyzystan, hem Täjigistan maýa goýmak, Sowet eýýamyndan galan ulgamy täzelemek we işletmek babatdaky başarnyksyzlyklary bilen yzygiderli ýagdaýda göreşip gelýär. Netijede, dowam edýän içerki şowsuzlyklar bil baglap bolmajak energiýa çeşmeleri sebäpli taslamany howp astynda goýýar.

Munuň bilen birlikde, ne häzir, ne-de ABŞ çykyp gaýdandan soň tehniki binýady howpsuzlandyrjak hiç hili strategiýa ýok. CASA-1000 geçirijisi sebitäki iň bir durnuksyz döwletleriň dördüsiniň içinden geçip gidýär. 2014-nji ýyldan soňky howpsuzlyk boşlugy ýagdaýy has hem beterleşdirjege meňzeýär. Aslynda, çykdajylaryň 40 göterimini öz üstüne alan Aziýanyň Ösüş Banky taslamadan çekildi. Muňa sebäp edip, ol Owganystandaky howpsuzlyk gorkularyny näresmi ýagdaýda görkezdi.

Taslamanyň ýokary derejeli bolmagy sebiti durnuksyzlandyrmak isleýänler üçin ony nyşana öwrüp biler. 1,200 kilometrlik tehniki binýadyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýerli güýçleri üçin juda kyn bolar. Iň beteri-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky basdaşlyk we juda gowşak hyzmatdaşlyk taslama üçin “Taliban”, ýerli söweşijiler we narko-söwdagärler ýaly howplardan has uly töwekgelçilik bolup biler.

Özbegistan CASA-1000 taslamasyna düýbünden garşy çykýar. Daşkent ony Gyrgyzystandan we Täjigistanda gurluşygy meýilleşdirilýän “Kambarata-1” we “Rogun” suw howdanlary bilen baglanyşdyrýar. Özbegistan bu howdanlara özüniň suw üpjünçiligini howp astynda goýup biljek syýasy gural hökmünde garaýar. Taslama gatnaşyjylar CASA-1000-iň diňe bar bolan artykmaç suw çeşmelerinden peýdalanjakdygyny aýdyp, degişli dokumentlere gol çeken hem bolsalar, Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon taslamany “Rogun” suw howdany bilen açyk ilteşdirdi. Aslynda, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň Owganystan bilen Pakistandan has ötä seredip, Hytaý bilen Hindistanyň çäksiz bazarlary üçin hem has köp energiýa öndürmek barada oýlanmajakdygyny aýtmak kyn bolsa gerek.

Merkezi Aziýa gidroelektriginiň öndürilmegi özara bahbitlere laýyk gelýär. Sebitdäki ýurtlaryň köpüsi ösüşi başdan geçirýärkä, elektrige bolan talap has hem ýokarlanar. Beýleki bir gidro-güýç bolan Russiýa hem energiýa mätäç bolan Hindistan bilen Hytaýa birikmekden bähbit görer. Aslynda, Russiýa Gyrgyzystanyň “Kambarata-1” suw howdany üçin eýýäm 2 milliard dollara golaý pul wada berdi, şeýle hem Täjigistanyň “Rogun” suw howdanyna goldaw bermäge gyzyklanma bildirdi.

Russiýanyň bähbitleri onuň “Inter RAO-United Electrical Systems” kompaniýasy Hytaý bilen 25 ýyllyk şertnama baglaşanda ýene bir gezek tassyklandy. Moskwanyň Merkezi Aziýada hemişelik bähbitleri ýaty. Ol bu sebitde uly göwrümli maliýe we syýasy töwekgelçilikleri öz boýnuna almaga isleg bildirdi. Gyrgyzystan bilen Täjigistan diňe bir energiýa eksportçylary hökmünde has giň energiýa bazarlaryna birikmek bilen çäklenmän, tranzit ýurtlara öwrülmekden hem peýda görer. Russiýanyň Merkezi Aziýanyň elektrik ulgamlary babatdaky tejribesi we onuň örän uly gidroelektrik potensialy Merkezi Aziýanyň gidroelektrik öwrülişigini durmuşa geçirmekde Moskwany örän ykjam orunda goýýar.

Emma Birleşen Ştatlar Russiýanyň CASA-1000 taslamasyna goşulyşmagyndan habardardyr. Ol Moskwa bu ugurdaky islendik çäräni öz eline alyp, Merkezi Aziýany Moskwanyň täsirinden çykarmak babatda Waşingtonyň edýän tagallalaryna päsgelçilik berer öýdüp, heder edýär. Her nähili bolanda-da, taslama Russiýany hem goşup, onuň maksatlaryny giňeltmek has uly meseleleriň ençemesiniň hötdesinden gelmäge ýardam edip biler. Munuň bilen birlikde, Russiýa CASA-1000 ylalaşygynyň çäginde ikitaraplaýyn ylalaşyklardan has jogapkärli hereket eder. Eger-de Birleşen Ştatlar CASA-1000-niň gerimini ýörite çäklendirse, onda taslama üzňeleşdirilmek töwekgelçiligine girer.

Taslamada syýasylaşdyrylan, emma çözüp boljak meseleler köp. Birleşen Ştatlar strategiki şowsuzlyk töwekgelçiligi bilen taktiki üstünlik syýasatyny alyp barýar. Gynansagam, taslamanyň häzirki ýagdaýy degişli taraplara juda az goltgy berýär. Bu işe dahylly içerki senagatçylar bolsa CASA-1000-den özara söz açylanda gürrüňi başga ýana sowýarlar. Birleşen Ştatlar we onuň hyzmatdaşlary bolsa çeşmesi anyk belli bolmaýan we ykdysady ygtybary syýasy taýdan durnuksyz sebitdäki 20-30 ýyllyk tehniki binýada daýanjak goragsyz elektrik geçirijileri üçin 1 milliard dollar maýa goýmaga taýýar.

Russiýa maliýe, howpsuzlyk we syýasy çeşmelerini uzak möhletleýin esasda maýa goýjak ýeke-täk ýurt bolup biler. ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky “Täzeden başlaýyş” syýasatynyň ýakynda puja çykmagy bilen, indi CASA-1000 we “Täze Ýüpek Ýoly” taslamalary ABŞ–Merkezi Aziýa–Russiýa arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze guraly hökmünde ýardam edip biler. Ençeme sebitleýin bähbitleri utgaşdyrmak regiony durnukly ýagdaýa getirmäge we ösdürmäge şert döreder. Ýogsam bolmasa, Birleşen Ştatlar bu agyr ýüki ýeterlik güýji, tejribesi we çeşmesi bolmaýan ýurtlaryň we edaralaryň üstüne atyp, taslamanyň uzak möhletleýin kepilligini şolardan soramaly bolar.

Ýeujin Aýmas Birleşen Ştatlaryň Jorjtaun uniwersitetiniň Ýewraziýa, Russiýa we Günorta Ýewropa bilimleri boýunça ylmy merkeziniň işgäridir. Ol magistraturasyny hem şu ýerde okady. Makalanyň asyl nusgasy Ýaponiýada neşir edilýän “The Diplomat” neşirinde iňlis dilinde çap edildi. Ondaky garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

Paýlaş

Bulary okadyňyzmy?

  • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda 23 Mar, 2014
  • Krymyň Sudeten krizisi 21 Mar, 2014
  • Maltus, Marks we döwrebap ösüş 5 Mar, 2014
  • Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok? 3 Mar, 2014

Seslen Jogaby goýbolsun et

Siziň e-mail adresiňiz çap edilmez. Zerur maglumatlarda * belligi bar

  • Öňki makala Gitleriň “Mein Kampf” kitaby nädip köp satyldy?
  • Indiki makala Gulbatyr serdar
  • Hepdäniň wideosy

    • Comments
    • Most Popular
    • Adam seslendi:Taryha gaýgy bilen garaýyş
    • Lachyn seslendi:Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?
    • Batyr seslendi:NATO Russiýany köşeşmäge çagyrýar
    • Batyr seslendi:Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat…
    • Bagdagul seslendi:Germaniýa ýerinden turdy
  • Hyzmatdaşlar

    turkmen-photos

    turkmenportaldotcom

    magymgulyicon
  • Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

© HALKARA 2014. Ähli hukuklary goralandyr.