Fransiýa baýlar üçin 75%-lik salgydy makullady
0
Fransiýanyň prezident Fransua Olland (sagda) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. (Resmi çeşme)
Bonjour! Fransiýanyň Konstitusion sudy ýurtda hereket edýän kompaniýalaryň 1 million ýewrodan geçýän ýyllyk haklaryndan 75 göterim salgyt tölemelidikleri baradaky hökümet kararyny makullady.
Prezidentlik saýlawlary mahalynda beren wadalaryna laýyklykda, prezident Fransua Olland ýolbaşçylara tölenýän ýyllyklary çäklendirmek arkaly Fransiýanyň ykdysady kynçylyklaryny ýeňletmegiň ugruna çykypdy.
Bir gezek “baýlary halamaýandygyny” dilinden sypdyran prezident Fransua Olland bu işiň döwlet defisitini Umumy içerki önümçligiň 4.1 göteriminden 3.6 göterimine getirjegine umyt baglaýar.
Ollandyň teklibine laýyklykda, kompaniýalar 1 million ýewrodan ($1.4 million) geçýän ýyllyk haklary üçin 50 göterim salgyt tölärler. Beýleki salgytlar bilen sosial tölegleri hem goşsaň, onda ol ýyllyk haklarynyň 75 göterimine barabar bolýar.
Salgyt baradaky mundan öňki taslama kanun kabul edilmändi, emma onuň makullanan şu görnüşi kompaniýalary şu ýyldan başlap degişli salgytlary tölemäge borçly edýär.
Fransiýanyň baş sudy bolan Konstitusion sud teklip edilen salgyt kanunyny parlamentiň 60-dan gowrak agzasy, şeýle hem 60-dan gowrak senator şikaýat bilen ýüz tutandan soň gözden geçirdi.