• Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

HALKARA

Çar tarapdan bitarap...

    • Soňky makalalar

      Näme habar?

    • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy

      Mart 24, 2014

    • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda

      Mart 23, 2014

    • Seslenmeler

      Iň täzeleri

    • Adam seslendi:

      Taryha gaýgy bilen garaýyş

    • Lachyn seslendi:

      Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?

  • Baş sahypa
  • Amerika
  • Ýewropa
  • Merkezi Aziýa
  • Gündogar Aziýa
  • Günorta Aziýa
  • Ýakyn Gündogar
  • Ykdysadyýet
  • Jemgyýet
  • Howpsuzlyk
  • Merkezi Aziýa

Daşkent türkmen prezidentine garaşýar

0
  • Redaksiýa
  • — 2 Nov, 2013
Turkmen-Uzbek presidents

2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa tarap açylan gazgeçiriji Özbegistanyň üstünden geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňümizdäki günlerde goňşy Özbegistana sapar etmegine garaşylýar. Şu mynasybetli, ýakynda özbek prezidenti Islam Karimow öz türkmen kärdeşine hat ýollady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 2 ýyllygyna gabatlanyp iberilen hatda prezident Islam Karimow bu saparyň iki ýurduň arasyndaky özara we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine itergi berjegini aýtdy.

Aşgabat we Daşkent dürli pudaklar boýunça ikitaraplaýyn maýa goýumlary we özara taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollaryny agtarýar. Duldegşir goňşular özara söwda dolanşygyny $1 milliarda çykarmagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistan we Özbegistan goňşy Owganystan, Aral deňzi we Amyderýa ýaly meseleler boýunça ýygy-ýygydan maslahat geçirýär. Öňümizdäki saparyň dowamynda özara serhet gatnawlarynyň hem maslahat edilmegine garaşylýar. Türkmen-özbek serhediniň uzynlygy 1,620 kilometre barabardyr.

Özbegistanda 160 müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar. Ýurtda 50-den gowrak mekdepde türkmen dilinde sapak geçilýär. Türkmen diasporasy esasan Horezm, Surhanderýa we Garagalpagystan regionlarynda ýaşaýar.

Türkmenistan bilen Özbegistany birnäçe iri taslamalar baglanyşdyrýar. 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa tarap açylan gazgeçiriji Özbegistanyň üstünden geçýär. Taraplar Merkezi Aziýany Pars aýlagy ýurtlary bilen birikdirjek demirýol taslamasy boýunça hem pikir alşyp gelýärler.

 

Paýlaş

Bulary okadyňyzmy?

  • Has kyn halas bolmak ýatlamalardan… 12 Jan, 2014
  • Gulbatyr serdar 12 Jan, 2014
  • Hiç ýere barmaýan “Täze Ýüpek Ýoly” 11 Jan, 2014
  • Geçmişden geljege miras 1 Nov, 2013

Seslen Jogaby goýbolsun et

Siziň e-mail adresiňiz çap edilmez. Zerur maglumatlarda * belligi bar

  • Öňki makala “Chevron” we “ExxonMobil” TOPH-a gatnaşyp biler
  • Indiki makala Suwuň ýüzünde ýörän adam
  • Hepdäniň wideosy

    • Comments
    • Most Popular
    • Adam seslendi:Taryha gaýgy bilen garaýyş
    • Lachyn seslendi:Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?
    • Batyr seslendi:NATO Russiýany köşeşmäge çagyrýar
    • Batyr seslendi:Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat…
    • Bagdagul seslendi:Germaniýa ýerinden turdy
  • Hyzmatdaşlar

    turkmen-photos

    turkmenportaldotcom

    magymgulyicon
  • Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

© HALKARA 2014. Ähli hukuklary goralandyr.