“Chevron” we “ExxonMobil” TOPH-a gatnaşyp biler
1
“Chevron” kompaniýasynyň baş edarasy (Suratyň eýeçiligi: Jonathan McIntosh, CC BY 2.0)
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektine gatnaşýan dört döwlet milliardlarça dollara durýan bu taslamanyň maliýeleşdirilmegi we işledilmegi üçin Birleşen Ştatlarda ýerleşýän iki sany gaz kompaniýasyny saýlap aldy diýlip, habar berilýär. Bu waka uly täzelikdir.
Merkezi we Günorta Aziýada ýerleşýän bu dört döwlet $7.5 milliardlyk pul jemlemek barada maslahatçy hökmünde Aziýanyň Ösüş Banky bilen ylalaşdy diýip, Pakistanyň “The Express Tribune” gazeti öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar. Bu habary entek resmi taraplar açyk tassyklamady.
Mundan öň Birleşen Ştatlaryň “Chevron” we “ExxonMobil” ýangyç kompaniýalary bu gazgeçirijini maliýeleşdirmäge we ony işletmäge uly gyzyklanma bildiripdiler. Maliýeleşdirijileriň konsorsiumyna hem şu iki amerikan kompaniýasynyň biri ýolbaşçylyk etmelidi.
Pakistan metbugatynyň çeşmelerine görä, ýurduň Nebit we mineral serişdeler ministrligi indi Ykdysady Utgaşdyryjy Komitetden (ECC) özüniň Aziýanyň Ösüş Banky bilen resmi taýdan şertnama baglaşmagyna we turbalaryň maliýeleşdirilmegi boýunça dörediljek konsorsiuma ýolbaşçy saýlamaga rugsat sorar.
Ministrligiň metbugat wekili “The Express Tribune” gazetine bu baradaky gysgaça resminamanyň Ykdysady Utgaşdyryjy Komitete iberilendigini aýtdy we Aziýanyň Ösüş Bankynyň pul geçirimleri boýunça maslahatçy saýlanmagy babatda dört ýurduň hem jemleýji ylalaşyga gelendigini mälim etdi.
Dört ýurduň her biri Aziýanyň Ösüş Bankyna özüniň pul geçirimleri boýunça maslahatçy wezipesi üçin 5 million dollar tölär. Aýdylyşyna görä, Pakistan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçy hökmünde “Chevron” kompaniýasyny göz öňünde tutýar. Onuň konsorsiuma lider bellenmegi mümkin.
Mundan öň “Chevron” kompaniýasy türkmen gaz ýataklaryndan hem paý soraýardy. Emma Türkmenistan bu talaby ret edip gelýär. Sebäbi ýurduň milli kanunlary gury ýerdäki nebit we gaz ýataklarynda daşary ýurt paýnamalarynyň bolmagyna ýol bermeýär.
TOPH proýektiniň turbalarynyň umumy uzynlygy 1700 kilometre barabar bolup, göz öňünde tutulýan ugurlaryň biri Owganystanyň Hyrat we Gandagar şäherleriniň üstünden geçmeli, soňra Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerine baryp, ol ýerden Hindistanyň Fazilka şäherine tarap ugur almaly.
TOPH Türkmenistanyň “Döwletabat” we “Galkynyş” ýangyç ýataklarynda özleşdiriljek gaz arkaly doldurylar. Ilkinji tapgyrda TOPH turbalarynyň ýyllyk geçirijilik göwrümi 27 milliard kubmetre çenli baryp biler. Onuň 12,5 milliard kubmetrini Pakistan, 12,5 milliard kubmetrini bolsa Hindistan satyn alar diýlip garaşylýar.
Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli tebigy gaz eksportyny ýyllyk 180 milliard kubmetre çykarmagy göz öňünde tutýar. BP-niň berýän maglumatlaryna görä, ýurduň gaz ätiýaçlarynyň möçberi Saud Arabystanynyňka deň, ondan öňde Russiýa, Eýran we Katar dur.
Exxon Mobil öňem bary dämi näme?