“Armaco” saudlaryň geljegini kesgitleýär
0Saud Arabystany milli gününi baýram edýärkä, “Armaco” kompaniýasy özüniň 80 ýyldan gowrak wagt bäri dünýäniň iň uly nebit öndürijisi bolup gelýändigini buýsanç bilen yglan edýär. Aslynda, bu patyşalygyň ykdysady ösüşi barada gürrüň edenimizde “Armaco” kompaniýasyny asla gözden salyp bolmaz.
Emma patyşalygyň öz nebitiniň ilkinji barrellerini çykaryp başlan döwri bilen häzirki döwri deňeşdirenimizde dünýä düýpgöter özgerdi. Indi Saud Arabystany öz ykdysadyýetini dürli ugurlara gönükdirmegiň ugruna çykdy. Ol özüniň strategiki we energetiki geljeginiň global ykdysady we energiýa güýji bolmaga ýykgyn edýändigini görýär. Sebäbi ol diňe bir dünýäniň iň uly üpjünçisi bolmak bilen çäklenmän, beýleki nebit önümleriniň hem esasy eksportçysydyr. Şu ýerde “Armaco” Saud Arabystanynyň ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeledi. Ol özüniň bu wezipesini patyşalygyň geljegini kemala getirmek bilen dowam etmäge taýýarlanýar.
Saud Arabystanynyň “Armaco” kompaniýasynyň öňünde häzir üç sany esasy strategiki maksat ýatyr. Birinjiden – Saud Arabystanynyň çig nebit önümçiligi boýunça kuwwatyny gorap saklamak, sebäbi bu pudak patyşalygyň syýasy we ykdysady täsirinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň bilen birlikde, çig nebit eksportyny erkinleşdirmek üçin, ol gaz önümçiligini hem ýokarlandyrmaly. Bu iş içerki talaby ödemek üçin zerurdyr. Şeýle hem ol täze ýüze çykyp başlan Aziýa güýçleri, mysal üçin Hytaý we Hindistan bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmelidir.
Saud Arabystanynyň global energiýa bazaryndaky möhüm orny özüniň dünýäniň subut edilen iň uly nebit ätiýaçlyklaryna eýe bolmagyna esaslanýar. BP tarapyndan çap edilen 2013-nji ýyl boýunça dünýä energiýasynyň statistiki gözden geçirilişinde aýdylmagyna görä, 2012-nji ýylyň ahyrlarynda bu görkeziji 265.9 milliard barrele baryp ýetdi. Bu bolsa dünýä nebitiniň möçberiniň 16 prosentine deňdir. Şeýle hem Saud Arabystany dünýäniň iň uly nebit eksportçysydyr.
Bu özboluşly orun babatda başga-da belläp geçmeli zat – Saud Arabystany örän uly artykmaç ätiýaçlyga eýe bolan ýeke-täk öndürijidir. “Petroleum Economist” neşiriniň belläp geçmegine görä, “Saud “Armaco” kompaniýasynyň dünýä ykdysadyýetindäki ähmiýetli ornuna göz ýetirmek her kimiň başarjak zady däl. Soňky iki ýylyň dowamynda Liwiýada, Siriýada we Günorta Sudanda çeşmeler çöküp, sanksiýalar Eýrana täsir ýetirip ugrandan soň, saud üpjünçiligi nebitiň bahalarynyň ýokary galmagynyň öňüni almakda möhüm rol oýnady”.
Saud Arabystanynyň ýokary derejeli bu nebit önümçiligi her gün çykarylýan nebiti 10 million barrelden 12.5 million barrele çykarmak baradaky maksatnamanyň netijesidir. Patyşalyk bu iş üçin 100 milliard dollar goýberdi.
Saud Arabystany nebiti köp sarp ediji ýurtlaryň hem arasyna girýär. Ol öz öndürýän nebitiniň çärýek möçberini elektrik toguny öndürmek üçin ulanýar. Bu ýurt 2012-nji ýylda günlük 2.92 million barrel nebiti sarp etdi. IEA-nyň çaklamagyna görä, bu görkeziji şu ýyl 3 million barrele çykmaly. Saud hökümeti çak edilýän içerki talaby ödemek üçin özüne 2020-nji ýyla çenli goşmaça 20 GW elektrik togunyň gerek boljakdygyny aýdýar. Şeýle-de EIU-niň çaklamagyna görä, Saud Arabystanynyň tebigy gaza bolan talaby 2012-2020-nji ýyllar aralygynda iki essä çykar, sebäbi bu ýurduň ilat sany barha ýokarlanýar, çalt depginli ykdysady ösüş bolsa elektrik toguny gitdigiçe köp sarp edýär.
Şu ýagdaý göz öňünde tutulanda, ýurtda tebigy gaz önümçiliginiň ýokarlanmagy patyşalygyň senagat taýdan diwersifikasiýa edilmegi üçin juda möhümdir. Şonuň üçin, “Armaco” kompaniýasy indiki bäş ýylyň dowamynda ýurtda gazyň çykarylyşyny 50% ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Ykdysadyýetiniň guruluşy sebäpli, saud eksporty esasan nebiti iň köp sarp edýän ýurtlara daýanýar. Häzirki döwürde Saud Arabystanynyň Aziýa eksport edýän nebitiniň möçberi Ýewropa bilen Demirgazyk Amerika eksport edýän nebitiniň jemi möçberinden hem uludyr. Onuň nebitiniň üçden iki bölegi Aziýa kontinentine çykýar. Aslynda, Saud Arabystany Aziýadaky iň uly güýçleriň (Hytaý, Ýaponiýa, Hindistan we Günorta Koreýa) esasy nebit üpjünçisidir. HSBC bankynyň çaklamagyna görä, Ýaponiýa 2012-nji ýylda saudlaryň iň uly eksport bazary bolupdyr, emma indiki ýigrimi ýylyň dowamynda bu orna Hytaýyň geçmegine, Hindistanyň ikinji orna geçmegine, Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň bolsa üçünji we dördünji orunlara geçmegine garaşylýar.
Şu nukdaýnazardan seredilende, “Saudi Aramco Asia Company Ltd.” kompaniýasynyň döredilmegi Aziýanyň bu kompaniýa üçin strategiki ähmiýete eýedigini görkezýär, şeýle hem patyşalygyň dünýäniň iň çalt ösýän regionyndaky täsirini ýokarlandyrýar. 2012-nji ýylda Pekinde “Saudi Aramco Asia Company Ltd.” kompaniýasynyň resmi şahamçasy işläp başlady. Ylmy barlaglar we Yslam ylymlary boýunça Patyşa Faýsal Merkeziniň ýolbaşçysy Şazada Türki Al-Faýsal Garward Uniwersitetinde eden çykyşynda geljekki maksatlaryny gönüläp aýtdy: “Esasan hem Hytaý bilen Hindistanyň nebite bolan talaby ýokarlanýan mahaly, patyşalyk bu talaby ödemek üçin ähli çäräni göz öňünde tutýar”.
Jemläp aýdylanda, Saud Arabystany ençeme ýyllaryň dowamynda dünýäniň iň esasy nebit üpjünçisi bolup geldi. Eger-de “Armaco” özüniň strategiki maksatlaryny amala aşyrmagy başarsa, onda bu ýagdaý indiki ençeme ýyllaryň dowamynda hem global energiýa bazarynda Saud Arabystanynyň uly orna eýe bolmagyny kepillendirer.
Dr. Naser Al-Tamimi Britaniýada ýaşaýan Ýakyn Gündogar synçysydyr. Ol esasan energiýa syýasaty we syýasy ykdysadyýet boýunça ylmy-işlere gatnaşýar. Makalanyň asyl nusgasy ilki başda “Al-Arabiýa” neşirinde iňlis dilinde çap edildi. Makaladaky pikirler awtoryň özüne degişlidir.