• Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

HALKARA

Çar tarapdan bitarap...

    • Soňky makalalar

      Näme habar?

    • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy

      Mart 24, 2014

    • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda

      Mart 23, 2014

    • Seslenmeler

      Iň täzeleri

    • Adam seslendi:

      Taryha gaýgy bilen garaýyş

    • Lachyn seslendi:

      Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?

  • Baş sahypa
  • Amerika
  • Ýewropa
  • Merkezi Aziýa
  • Gündogar Aziýa
  • Günorta Aziýa
  • Ýakyn Gündogar
  • Ykdysadyýet
  • Jemgyýet
  • Howpsuzlyk
  • Ýakyn Gündogar

Dokuz aýyň içinde Ysraýyl-Palestina ýaraşygy maksat edinilýär

0
  • Redaksiýa
  • — 31 Jul, 2013
US Palestine Israel

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (ortada), Ysraýylyň adalat ministri Tzipi Liwni (sagda) we Palestinanyň Baş araçysy Saib Erekat el berişýär. (Fotosuratyň eýeçiligi: ABŞ-nyň Döwlet departamenti)

Taraplary myhman alan Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri üç ýyldan soň şol bir stolda täzeden duşuşýan Palestinanyň we Ysraýylyň wekilleri üçin, dokuz aýyň içinde täzeden ylalaşyga gelmegi baş maksat edip goýdy. Iki güne çeken duşuşyklardan soň, gepleşikleriň düzüminiň we ugrunyň kesgitlenmegi üçin, taraplaryň iki hepdäniň dowamynda Ysraýylda we Palestinada täzeden duşuşyk geçirmegi barada karar alyndy.

Düýn Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň gatnaşmagynda dowam eden duşuşyklardan soň metbugat konferensiýasyny geçiren Kerri: “Munuň kyn iş boljagy syr däldir. Aňsat bolan bolsady, onda bir eýýäm durmuşa geçirilerdi. Kyn, bulaşyk, duýgulary öz içine alýan we simwoliki meseleler boýunça makul ylalaşyklara garaşýarys…Ysraýyl bilen Palestinanyň wekilleri 9 aýyň dowamynda düşünişmäge çalşar” diýdi.

Kerri ilkinji tapgyryň “önjeýli we oňaýly” geçendigini belläp, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagynyň bolup biljek zatdygyny nygtady. Ol ABŞ-nyň Ysraýyldaky öňki ilçisi we ABŞ-nyň öňdebaryjy guramasy bolan Brookings Institutynyň başlygynyň orunbasary Martin Indigi gepleşikleriň geçirilişini yzarlamak üçin Ýakyn Gündogara parahatçylyk ilçisi edip ýollaýandygyny yglan etdi.

Waşingtonda geçirilen gepleşiklerde Ysraýyla ýurduň adalat ministri Tzipi Liwni we premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň geňeşçisi Yitzhal Molço wekilçilik etdi. Stoluň Palestina tarapynda Baş araçy Saib Erekat we Döwlet baştutany Mahmut Abbasyň maslahatçyly Muhammet Şitaýeh oturdy. Indigiň gözegçiliginde mundan soň hem dowam etdiriljek gepleşiklere ýene şu resmiler gatnaşar.

Gepleşikleriň maksady “Ýakyn Gündogardaky ähli meseleleriň gözbaşy” hökmünde häsiýetlendirilýän Ysraýyl-Palestina meselesine iki döwletli çözgüt tapmakdan ybaratdyr. Emma taraplaryň arasynda serhetler, Palestina topraklarynda bikanun hasaplanýan ýewreý gurluşyklary, Ierusalimiň durumy we bosgunlyga çykan millionlarça palestinalylaryň ykbaly ýaly mowuzklar boýunça ýiti düşünişmezlikler dowam edýär.

Taraplar belli bir ylalaşyk gazanaýan ýagdaýynda hem, jemleýji ylalaşyk üçin öz halklaryny razy etmeli bolarlar. Ysraýylda Netanýahunyň käbir koalision şärikleri Palestina döwletiniň gurulmagyna garşy çykýar. Iordan derýasynyň günbatar kenary we Gaza hökmünde ikä bölünen Palestinada Abbasyň liderligindäki “Fatah” herekediniň öz içinde hem ýagdaý oňaýly däl. Gazadaky “Hamas” bolsa bu başlangyçlary ýazgardy.

Paýlaş

Bulary okadyňyzmy?

  • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy 24 Mar, 2014
  • 2014-däki Türkiýäniň kyssasy 6 Jan, 2014
  • “Armaco” saudlaryň geljegini kesgitleýär 27 Sep, 2013
  • Siriýa: 100 müň etniki türkmen bosgun 27 Jun, 2013

Seslen Jogaby goýbolsun et

Siziň e-mail adresiňiz çap edilmez. Zerur maglumatlarda * belligi bar

  • Öňki makala Puluň satyn alyp bilmeýän zady
  • Indiki makala Türkiýe Halki Seminariýasyny täzeden açyp biler
  • Hepdäniň wideosy

    • Comments
    • Most Popular
    • Adam seslendi:Taryha gaýgy bilen garaýyş
    • Lachyn seslendi:Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?
    • Batyr seslendi:NATO Russiýany köşeşmäge çagyrýar
    • Batyr seslendi:Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat…
    • Bagdagul seslendi:Germaniýa ýerinden turdy
  • Hyzmatdaşlar

    turkmen-photos

    turkmenportaldotcom

    magymgulyicon
  • Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

© HALKARA 2014. Ähli hukuklary goralandyr.