Gahryman gyz Saba Gülüň kyssasy
2
MIT-niň uçurymy, sosial telekeçi Saba Gül
Bu waka oglan bolasy gelýän bir gyzyň başdan geçirmeleri bilen başlady.
1990-njy ýyllarda “Talyban” tarapyndan dolandyrylan Owganystandaky gyzlardan tapawutlylykda, Azada Han başy açyk gezýärdi. Ol adyny hem Azat diýip üýtgedi, saçyny hem oglanyňky ýaly edip deňletdi, oglanyň eşigini geýdi. Ol bu zatlaryň ählisini mekdebe gatnap bilmek üçin edipdi.
Günorta Aziýada bilim boýunça iş aly barýan “Barakat” guramasynyň ýolbaşçysy Arti Pandeý 2008-nji ýylda Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynda Azada duşýar. Ol şonda Azadanyň kakasy Kamiliň gyzlaryň bilim almagyna beren goldawy üçin “Talyban” tarapyndan öldürilişi barada eşidýär.
Soňra Birleşen Ştatlaryň Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) Biznes fakultetinde Arti Pandeý Azadanyň başdan geçirenlerini studentlere gürrüň berýär. Şol wagt studentleriň arasynda pakistanly gyz Saba Gül hem otyrdy. Ol şonda bilim almak üçin öz kimliginden geçip, durmuşyny töwekgelçilige salan gyzyň gaýduwsyz göreşini göz öňüne getirýär, oňa nebsi agyrýar.
“Şol gije otagyma gelip, “Google” arkaly Azada barada makala gözledim. Ahyryn “New York Times” we “Boston Globe” gazetlerinden iki sany makala tapdym. Azadanyň başdan geçirenleri baradaky makalalary okadym. Özüne çekiji bu gyz bilen ýa-da şeýle wakalary başdan geçirýän beýleki müňlerçe gyzlaryň islendik biri bilen duşuşmagy arzuw etdim” diýip, Gül aýdýar.
Dört aý soň Saba Gül Pakistanyň demirgazygyndaky Attok şäherine barýar. Bu ýerde Arti Pandeýiň “Barakat” atly guramasy 1979-njy ýylda Owganystanda turan Sowet urşundan bosup gaýdan 30 müňe golaý owganystanlylar üçin üç sany mekdep açypdy. Şol bosgunlaryň arasynda uruş turmazdan öň Owganystanda ýaşan etniki türkmenler hem bardy.
“Meniň ünsümi çeken zat – garyplykdan ýaňa hor-homsy bolan ýetginjek gyzjagazlar mekdebe gatnamagyň deregine haly dokap, zähmet çekmeli bolýardylar. “Barakat” guramasynyň mekdepleri üçin hiç hili okuw tölegi ýok hem bolsa, başlangyç mekdebe gatnaýan gyzjagazlar bilen orta mekdebe gatnaýanlaryň sanynyň arasynda uly tapawut bardy” diýip, Saba Gül ýetginjek gyzlaryň eklenç üçin zähmet çekmeli bolandyklaryny aýdýar.
Şonda gyzjagazlaryň ejeleri öz eklenç çeşmelerini halydan gelýän girdejä baglandyklaryny aýdyp, öz ýagdaýlary barada janygyp gürrüň berýärler. “Meniň elim daňylgy” diýip, ol eneleriň biri aýdýar. “Maňa gyzlarymyň gazanýan puly gerek. Emma men her gezek olaryň öz näzijek barmajyklary bilen haly dokaýyşlaryny görenimde ýüregim gyýylýar”.

Pakistanly türkmen gyzlary öz ýasan önümlerini görkezýärler. (Surat Saba Gülüň rugsady bilen çap edildi.)
Bu ýagdaýdan çykalga tapmak üçin, 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Saba Gül BLISS atly (Business and Life Skills School) mekdep açýar. Ol bu mekdep üçin başlangyç maliýe kömegini MIT IDEAS bäsleşiginden, şeýle hem maşgalalaryň zähmete derek bilime ýykgyn etmegine şert döredýän MIT-niň Ösüş we Telekeçilik boýunça Legatum Merkezinden alýar. Meýilleşdirilişine görä, soňra bu mekdep zähmet sapaklarynda öndürilýän önümleriň söwdasy arkaly öz-özüni ödemelidi.
Taslamanyň synag tapgyrynda aglabasy türkmenlerden ybarat bolan 38 sany ýetginjek gyz mekdepden soň bir sagatlyk zähmet sapagyna gatnamaga başlaýar. Bu sapaga gatnaşmaklary üçin, olara okuwa gatnamagyň deregine haly dokap gazanjak pullaryndan köpräk tölenýär. Bu ýerde gyzlara nagyş çekmek, keşde etmek we tikin-çatyn öwredilýär. Işlenip taýýarlanan matalar bolsa moda ýykgyn edýän sumkalary ýasamak üçin Karaçä we beýleki şäherlere ugradylýar.
YouTube: Saba Gül telewideniýedäki mahabatda çykyş edýär.
Şondan bir-iki ýyl soň Saba Gül we pes girdejili gatlakdan gelen zenanlara iş orunlaryny döredip, döwrebap önümleri öndürýän BLISS Pakistanyň sosial telekeçileriniň arasynda dillere dessan bolýar, habar beriş serişdeleriniň üns merkezine düşýär, uly kompaniýalar öz önümlerini we hyzmatlaryny mahabatlandyrmak üçin Saba Güle ýüz tutup başlaýarlar.
BLISS-iň berýän maglumatlaryna görä, häzir dünýäde 250 million adam geýim senagatynda işleýär, şolaryň 75 prosenti bolsa ösüp barýan döwletlerde ýaşaýarlar. Emma bu pudak dünýäde iň köp sosial we daşky gurşaw kemsitmelerini başdan geçirýän iň erbet 2-nji senagatdyr. BLISS bu statistikany üýtgetmegi, garyplygy biznesiň kömegi bilen ýeňip geçmegi baş maksat edinýär.
YouTube: Saba Gül TEDx-de çykyş edýär.
Lahorda doglup, şol ýerde önüp-ösen Saba Gül inženerlikden sosial telekeçilige geçmezden öň MIT-den iki sany ylmy dereje aldy. Ol BLISS ugrunda işläp başlamak üçin Pakistana göçmezden öň Kaliforniýa ştatyndaky “Silicon Valley” tehnologiýa merkezinde işledi. Ol häzir ähli wagtyny zenanlaryň güýjüne güýç goşmaga sarp edýär. BLISS bolsa onuň göz guwanjydyr.
“Manyly hereket edýän adamlar özlerini dünýä görä sazlaýarlar, manysyz hereket edýän adamlar bolsa dünýäni özlerine görä sazlaýarlar. Şonuň üçin, ähli ösüşler manysyz hereket edýän adama baglydyr”. Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň (London School of Economics) düýbüni tutujylaryň biri bolan irlandiýaly Jorj Bernard Şowuň bu aýdanlary bolsa Saba Güle ylham berýän sözleriň biridir.
diysen gowy hekaya bu mende uly tasir galdyrdy adam adama hacanda yhlas we islegin dashynda akylyny okuw bilenn berkedip ishe bashlasa yetilmejek menzil yokdugy we dunyani yoksulluk krizisinde halas etmeklik hemme adamynam oz elinde meselem bizim berkarar yurdumyzda bu mumkincilikler hasam kop okajak bolsan okuw oz yhlasynam bu alan bilim bilen berkidip ahli meyilnamalary amala ashyrmaga mumkincilikler bar.
mashallah, Allah dowamyny bersin!