• Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

HALKARA

Çar tarapdan bitarap...

    • Soňky makalalar

      Näme habar?

    • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy

      Mart 24, 2014

    • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda

      Mart 23, 2014

    • Seslenmeler

      Iň täzeleri

    • Adam seslendi:

      Taryha gaýgy bilen garaýyş

    • Lachyn seslendi:

      Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?

  • Baş sahypa
  • Amerika
  • Ýewropa
  • Merkezi Aziýa
  • Gündogar Aziýa
  • Günorta Aziýa
  • Ýakyn Gündogar
  • Ykdysadyýet
  • Jemgyýet
  • Howpsuzlyk
  • Amerika · Gündogar Aziýa

ABŞ bilen Hytaýyň liderleri täzeçe işleşmek barada wadalaşdylar

0
  • Redaksiýa
  • — 9 Jun, 2013
Obama Xi

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen onuň hytaýly kärdeşi Ksi Kaliforniýada, 8-nji iýun. (Suratyň eýeçiligi: Ak Tam)

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen onuň hytaýly kärdeşi Ksi Jiňpiňiň internet howpsuzlygy, Demirgazyk Koreýa we klimatyň özgermegi ýaly meselelere bagyşlanan iki günlük näresmi duşuşygy tamamlandy.

Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Tom Donilon žurnalistlere iki ýurduň liderleriniň internet howpsuzlygy boýunça düşünişmezlikleri aradan aýyrmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň “geljegini kesgitlejek esasy mesele” boljakdygy barada ylalaşandyklaryny aýtdy. Donilon iki lideriň Demirgazyk Koreýanyň öz ýadro ýaraglary boýunça programmasyndan el çekmelidigi barada hem razylaşandyklaryny mälim etdi.

“Eger-de kiberhowpsuzlyk meselesi çözülmese we ABŞ-nyň emläkleriniň gönüden ogurlanmagy dowam etse, onda häzirki ykdysady gatnaşyklarda juda kyn meseleler ýüze çykar” diýip, Donilon aýtdy.

Donilon bilen Hytaýyň Döwlet geňeşiniň agzasy Ýaň Jieçiniň aýtmagyna görä, prezident Ksi amerikan kärdeşi Obama Pekin bilen Waşingtonyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro meselesi boýunça bir pikirdedigini we iki ýurduň hiçisiniň hem Demirgazyk Koreýanyň ýadroly döwlete öwrülmegini kabul etmejekdigini aýdypdyr.

Demirgazyk Koreýa kömek we söwda babatda esasan Hytaýa bil baglaýar, Pekin Phenýan bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar. Muňa garamazdan, Demirgazyk Koreýanyň soňky dawaçyl hereketleri, şol sanda Birleşen Ştatlara we Günorta Koreýa ýadro hüjümini etmek baradaky haýbatlary soňky aýlaryň dowamynda bu gatnaşyklara zeper ýetiren bolara çemeli.

Dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetiniň liderleri Kaliforniýada iki günlük sammiti tamamlanlaryndan soň, Donilon bilen Ýaň žurnalistleriň öňünde aýry-aýrylykda çykyş etdi.

Ondan öň Ak Tam prezidentleriň ikisiniň hem klimatyň üýtgemegine garşy bilelikde göreşmek, şol sanda daşky gurşaw üçin zyýanly gazlaryň howa ýaýramagyny çäklendirmek barada ylalaşandyklaryny mälim etdi.

Hytaýyň lideri Kaliforniýa penşenbe güni, Meksika, Kosta Rika we Trinidada eden saparyndan soň bardy.

Aslynda Ksi bilen Obama özleriniň ilkinji duşuşygyny sentýabr aýynda Russiýada geçiriljek G20 sammitine planlaşdyrypdy. Emme taraplaryň ikisi hem irräk duşuşmagyň gerekdigi barada ylalaşdylar.

Paýlaş

Bulary okadyňyzmy?

  • Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok? 3 Mar, 2014
  • Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat… 2 Mar, 2014
  • Eýranly gyzyň söýgüsi gözýaşlar bilen gutardy 4 Jan, 2014
  • ABŞ Russiýa howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny teklip edýär 31 Dec, 2013

Seslen Jogaby goýbolsun et

Siziň e-mail adresiňiz çap edilmez. Zerur maglumatlarda * belligi bar

  • Öňki makala Obamanyň Putin derdi
  • Indiki makala Bill Geýts “Öli hemaýatyň” awtorynyň gaharyny getirdi
  • Hepdäniň wideosy

    • Comments
    • Most Popular
    • Adam seslendi:Taryha gaýgy bilen garaýyş
    • Lachyn seslendi:Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?
    • Batyr seslendi:NATO Russiýany köşeşmäge çagyrýar
    • Batyr seslendi:Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat…
    • Bagdagul seslendi:Germaniýa ýerinden turdy
  • Hyzmatdaşlar

    turkmen-photos

    turkmenportaldotcom

    magymgulyicon
  • Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

© HALKARA 2014. Ähli hukuklary goralandyr.