Graždan adamlaryň goragy: az gürläp, köp işlemek soralýar
0
Soňky 10 ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçiligi graždan adamlaryň goragyna ünsi has hem güýçlendirdi. (BMG foto)
Asimmetriki söweşler adaty ýagdaýa öwrülip, harby operasiýalar köp ilatly zolaklarda has köp ýüze çykyp başlady. Hökümetler çaknyşyk barýan ýerlerde graždan adamlary goramagyň ähmiýetini barha ykrar edýärler. Emma halkara ynsanwerlerlik kanunynyň (IHL) graždan adamlar üçin ýola goýan teoretiki taýdan güýçli goragy bilen iş ýüzünde bolup geçýän wakalaryň arasynda uly boşluk bar.
“Biz bu ugurda öňegidişligiň bardygyny, artykmaç zeper ýetmek töwekgelçiligini çäklendirmek ugrunda has köp çäreleriň durmuşa geçirilendigini ykrar etmelidiris” diýip, Norwegiýanyň daşary işler ministri Espen Bart Eýd graždan ilaty goramak boýunça ýakynda Osloda geçirilen halkara konferensiýada aýtdy. Emma ol “gynançly hakykatyň, halkara ynsanwerlerlik kanunynda ýaragly çaknyşyklar döwründe graždan adamlary goramak boýunça anyk borçlar kesgitlenen hem bolsa, bu goragy ýola goýmak boýunça bilelikdäki işlerimiziň häzirki döwürde juda zerurdygyny” nygtady.
94 döwletiň we birnäçe ynsanperwerlik we harby taraplaryň gatnaşmagynda geçirilen konferensiýanyň maksady halkara arenasynda graždan adamlaryň goragyny ýokarlandyrmakdan ybaratdy. Bu konferensiýa Jakarta, Buenos-Aýres, Kampala we Wena ýaly şäherlerde geçirilen forumlaryň netijesi boldy. Bu forumlaryň başyny 2009-njy ýylda Norwegiýanyň hökümeti başlapdy.
“Adamlar hemişe halkara ynsanwerlerlik kanunyny nähili ýagdaýda durmuşa geçirýändikleri barada gürrüň berýärler, emma iş ýüzünde bu ýagdaý düýbünden tapawutly” diýip, Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginiň ynsanperwerlik we jenaýat hukugy boýunça uly maslahatçysy Annette Bžorset IRIN neşirine aýtdy. “Biziň öňümizde goýlan wezipe bu boşlugy aradan aýyrmakdan ybarat boldy”.
Konferensiýa netijesinde Norwegiýa, Indoneziýa, Argentina, Uganda we Awstriýa döwletleriniň gatnaşmagynda maslahatlar sanawy kabul edildi. Bu maslahatlar halkara ynsanperwelik kanunyny (IHL) teoriýadan iş ýüzüne geçirmek boýunça “gurallary” hödürlemegi maksat edinýär.
Olaryň arasyna: IHL-niň şertlerini harby doktrinalara we proseduralara ornaşdyryp, ynsanperwerlik edaralarynyň öňündäki býurokratiki päsgelçilikleri azaltmak, graždan ölümleriň namalaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, ejir çeken graždan adamlary öwez tölegi bilen üpjün etmek, söweş jenaýatlary boýunça milli kanunlary kabul etmek, ulanylýan ýaraglar boýunça açyk-aýdyňlygy artyrmak we dronlar ulanylanda has seresap bolmak hem girýär.
Soňky 10 ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçiligi graždan adamlaryň goragyna ünsi has hem güýçlendirdi. 1999-njy ýyldan bäri bu mesele BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde gozgalyp gelýär, bu wezipe BMG-niň parahatçylygy goraýyş missiýalarynyň mandatyna hem girizildi. 2002-nji ýylda söweş jenaýatkärlerine temmi bermek maksady bilen Halkara jenaýat sudy döredildi. 2005-nji ýylda geçirilen BMG-niň Bütindünýä sammitinde bolsa döwletler Gorag jogapkärçiligi (R2P) doktrinasyny kabul etdiler.