• Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

HALKARA

Çar tarapdan bitarap...

    • Soňky makalalar

      Näme habar?

    • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy

      Mart 24, 2014

    • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda

      Mart 23, 2014

    • Seslenmeler

      Iň täzeleri

    • Adam seslendi:

      Taryha gaýgy bilen garaýyş

    • Lachyn seslendi:

      Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?

  • Baş sahypa
  • Amerika
  • Ýewropa
  • Merkezi Aziýa
  • Gündogar Aziýa
  • Günorta Aziýa
  • Ýakyn Gündogar
  • Ykdysadyýet
  • Jemgyýet
  • Howpsuzlyk
  • Gündogar Aziýa · Howpsuzlyk

Hytaý elektron söweşçileri türgenleşdirýär

0
  • Redaksiýa
  • — 30 May, 2013
cybersecurity

Kiberhowpsuzlyk ABŞ üçin esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar. (IMPACT, CC BY-SA 3.0)

Hytaýyň döwlet habar agentligi indiki aý ýurduň harby güýçleriniň täze söweş usullaryny, şol sanda elektron tehnologiýalaryny ulanýan bölümleri synagdan geçirjegini aýdýar.

Çarşenbe güni “Ksinhua” habar agentligi Hytaýyň ilkinji gezek “informatizasiýa söweşinde” ulanyljak elektron güýçlere ünsi gönükdirjekdigini habar berdi.

Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň indiki hepde Hytaýyň prezidenti Ksi Jiňpiň bilen kiderhowpsuzlyk barada gepleşik geçirmegine garaşylýar. Mundan öň Amerikanyň möhüm harby sistemalaryna kiberhüjüm edilendigi barada habar berlipdi.

Birleşen Ştatlaryň resmileri bu soňky habarlar barada hiç zat aýtmadylar, emma Ak Tamyň metbugat wekili Jeý Karneý prezident Obama Kaliforniýada prezident Ksi bilen duşuşanda kiberhowpsuzlygyň mashalat ediljeginiň anykdygyny mälim etdi. Karneý bu meseläniň administrasiýa üçin “esasy gaýgydygyny”, Hytaýyň resmileri bilen duşuşyklarda onuň her gezek gozgalýandygyny aýtdy.

Duşenbe güni “Waşington Post” gazeti Hytaýyň internet içalylaryny ABŞ-nyň iň ynjyk we ösen ýarag sistemalarynyň käbirine degmekde günäkärleýän harby hasabatyň bir bölegini çap etdi. Emma Hytaý hakerlik synanyşyklaryna gatnaşygyny düýbünden inkär edýär. Üstesine, ol bu aýyplamalara jogap edip, ABŞ-da ýerleşýän hakerleriň Hytaýyň birnäçe harby websaýtlaryna hüjüm edendigini öňe sürdi.

Harby hasabatda hakerleriň hüjüm eden ýarag dizaýnlarynyň arasyna “Patriot” raketadan goranyş sistemasynyň, “Aegis” ballistik raketadan goranyş sistemasynyň hem girýändigi aýdylýar. F/A-18 söweş uçarlary, “Black Hawk” dikuçary we F-35 hüjümçi uçarlar ýaly möhüm harby uçarlar we gämiler hem nyşana alnan enjamlaryň arasynda agzalýar.

Paýlaş

Bulary okadyňyzmy?

  • Taryha gaýgy bilen garaýyş 31 Dec, 2013
  • ABŞ bilen Hytaýyň liderleri täzeçe işleşmek barada wadalaşdylar 9 Jun, 2013
  • Graždan adamlaryň goragy: az gürläp, köp işlemek soralýar 5 Jun, 2013
  • Hytaýyň PM-si arany sazlamak üçin Hindistana sapar edýär 20 May, 2013

Seslen Jogaby goýbolsun et

Siziň e-mail adresiňiz çap edilmez. Zerur maglumatlarda * belligi bar

  • Öňki makala NYT: Obama Komeýi FBI-niň başlyklygyna hödürleýär
  • Indiki makala Gül HTTU-nyň täze kompleksiniň gurluşygynyň düýbüni tutar
  • Hepdäniň wideosy

    • Comments
    • Most Popular
    • Adam seslendi:Taryha gaýgy bilen garaýyş
    • Lachyn seslendi:Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?
    • Batyr seslendi:NATO Russiýany köşeşmäge çagyrýar
    • Batyr seslendi:Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat…
    • Bagdagul seslendi:Germaniýa ýerinden turdy
  • Hyzmatdaşlar

    turkmen-photos

    turkmenportaldotcom

    magymgulyicon
  • Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

© HALKARA 2014. Ähli hukuklary goralandyr.