• Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

HALKARA

Çar tarapdan bitarap...

    • Soňky makalalar

      Näme habar?

    • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy

      Mart 24, 2014

    • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda

      Mart 23, 2014

    • Seslenmeler

      Iň täzeleri

    • Adam seslendi:

      Taryha gaýgy bilen garaýyş

    • Lachyn seslendi:

      Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?

  • Baş sahypa
  • Amerika
  • Ýewropa
  • Merkezi Aziýa
  • Gündogar Aziýa
  • Günorta Aziýa
  • Ýakyn Gündogar
  • Ykdysadyýet
  • Jemgyýet
  • Howpsuzlyk
  • Medeniýet we jemgyýet · Merkezi Aziýa

Baba Annanowyň "Kärizgenler" filmi 35 ýaşady

0
  • Redaksiýa
  • — 7 Apr, 2013
Baba Annanow

Baba Annanow onlarça çeper filmleri döretdi, birnäçe powestdir hekaýalary ýazdy. Ýöne ol aktýor hökmünde tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň (öňki Bäherden) Mürçe obasynda meşhur türkmen režissýory Baba Annanowyň “Kärizgenler” kinofiminiň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik duşuşygy geçirildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmen kinematografiýasynyň altyn gaznasyna girizilen bu filmiň esasy suratlary hut şu etrabyň çäklerinde düşürilipdi. Ony döretmäge gatnaşan artistler we meşhur medeniýet işgärleri mürçelileriň myhmanlary boldular.

Kino ussadynyň adybir hekaýasy esasynda 1978-nji ýylda döredilen bu film Türkmenistanyň we SSSR-ň halk artisti, şeýle hem ssenariýeçi we aktýor hökmünde meşhur bolan Baba Annanowyň iň gowy işleriniň biridir.

Baba Annanow onlarça çeper filmleri döretdi, birnäçe powestdir hekaýalary ýazdy. Ýöne ol aktýor hökmünde tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Meselem, Baba Annanow Alty Garlyýewiň Berdi Kerbabaýewiň romany esasynda döreden “Aýgytly ädim” filminde Artygyň roluny ýerine ýetirendigi üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy.

"Kärizgenler" kinodramasynda adamlaryň ýaşamak üçin tebigat bilen barlyşyksyz göreşýän ýowuz günler beýan edilýär.

“Kärizgenler” kinodramasynda adamlaryň ýaşamak üçin tebigat bilen barlyşyksyz göreşýän ýowuz günleri beýan edilýär.

“Kärizgenler” kinodramasynda adamlaryň ýaşamak üçin tebigat bilen barlyşyksyz göreşýän ýowuz günleri, beýik Ýeňşe golaýlaşmak üçin olaryň alyp barýan durmuşy beýan edilýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uly bolmadyk türkmen obasynyň mysaly esasynda bu ýerde gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk beýan edilýar.

Bu film watany söýjülik temasy bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli häsiýetini, däp-dessuryny we durmuşyny beýan edýär. Onda dutaryň we gopuzyň owazy täsirli ýaňlanýar. Bu filmiň sazyny meşhur kompozitor Nury Halmämmedow ýazdy.

Filmiň gahrymanlaryny Türkmenistanyň Halk artisti Ata Döwletowyň, artistler Kerim Annanowyň, Bahargül Kerimowanyň, Enwer Annagulyýewiň we beýlekileriň ýerine ýetirmekleri tomaşaçylarda uly söýgi we hormat döretdi.

Moskwada nusgalyk sany görkezilenden we giň telekrana çykandan soňra “Türkmenfilm” kinostudiýasy tarapyndan surata düşürilen bu film sowet soýuzynyň ähli çäklerinde uly meşhurlyga eýe bolýar. 1979-njy ýylda Ýerewanda geçirilen bütinsoýuz kinofestiwalynda filmiň baş gahrymanyny – Maralyň roluny – oýnandygy üçin Elwira Kulyýewa “Iň gowy zenan keşbini döreden” diýen baýraga eýe bolýar.

1980-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilen bütinsoýuz festiwalynda bu film “Iň gowy çeperçilik-şekillendiriş çözgüdi” diýen diplom bilen sylaglanýar. Bu baýrak ilkinji nobatda Öwez Welmyradowyň operatorlyk işini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi netijesinde gazanyldy.

Çeşme: Anastasiýa Lebedewanyň türkmen metbugatynda ýazan makalasy esasynda çap edildi.
Paýlaş

Bulary okadyňyzmy?

  • Baba Annanow 80 ýaşady 22 Feb, 2014
  • Şahyr Halyl Kulyýewi ýatlap… 1 Feb, 2014
  • Has kyn halas bolmak ýatlamalardan… 12 Jan, 2014
  • Gulbatyr serdar 12 Jan, 2014

Seslen Jogaby goýbolsun et

Siziň e-mail adresiňiz çap edilmez. Zerur maglumatlarda * belligi bar

  • Öňki makala Şri Lankada möýüň mähnet görnüşine duş geldiler
  • Indiki makala D.Koreýa dartgyny ABŞ-nyň raketa synagyny soňa süýşürdi
  • Hepdäniň wideosy

    • Comments
    • Most Popular
    • Adam seslendi:Taryha gaýgy bilen garaýyş
    • Lachyn seslendi:Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?
    • Batyr seslendi:NATO Russiýany köşeşmäge çagyrýar
    • Batyr seslendi:Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat…
    • Bagdagul seslendi:Germaniýa ýerinden turdy
  • Hyzmatdaşlar

    turkmen-photos

    turkmenportaldotcom

    magymgulyicon
  • Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

© HALKARA 2014. Ähli hukuklary goralandyr.