• Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

HALKARA

Çar tarapdan bitarap...

    • Soňky makalalar

      Näme habar?

    • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy

      Mart 24, 2014

    • Ýene-de: Russiýa halkara üzňeligiň bosagasynda

      Mart 23, 2014

    • Seslenmeler

      Iň täzeleri

    • Adam seslendi:

      Taryha gaýgy bilen garaýyş

    • Lachyn seslendi:

      Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?

  • Baş sahypa
  • Amerika
  • Ýewropa
  • Merkezi Aziýa
  • Gündogar Aziýa
  • Günorta Aziýa
  • Ýakyn Gündogar
  • Ykdysadyýet
  • Jemgyýet
  • Howpsuzlyk
  • Howpsuzlyk · Ýakyn Gündogar

Kerri bilen Lawrow Siriýa babatda dil tapyşmaga çalyşýar

0
  • Redaksiýa
  • — 27 Feb, 2013
Kerri Lawrow sişenbe güni Berlinde gepleşik geçirdi. (Foto: Döwlet departamenti)

Kerri Lawrow sişenbe güni Berlinde gepleşik geçirdi. (Foto: Döwlet departamenti)

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow sişenbe güni Berlinde gepleşik geçirip, Siriýadaky graždanlyk urşy we beýleki meseleler boýunça dil tapyşmaga çalyşdylar.

Lawrow Birleşen Ştatlary Siriýanyň oppozisiýasyna Damask bilen göni gepleşik geçirmek babatda basyş etmäge çagyrdy. Ol siriýalylaryň öz içerki meselelerini özleriniň çözmelidigini nygtady.

Duşenbe güni Britaniýanyň paýtagty Londona edýän saparynyň dowamynda Kerri has köp halkara goldawyna garaşýan Siriýa oppozisiýasynyň ýeliň ugruna öz başyna goýberilmejekdigini aýtdy.

London Kerriniň Ýewropa we Ýakyn Gündogara edýän saparynyň ilkinji duralgasy boldy. Ol Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary wezipesine belleneni bäri ilkinji gezek daşary ýurtlara resmi sapar edýär.

Lawrow gepleşikleriň önjeýli bolandygyny aýtdy. Olar beýleki arap ýurtlaryndaky wakalar, Ýakyn Gündogar, Owganystan we Demirgazyk Koreýa bilen Eýranyň ýadro programmalary barada hem maslahatlaşypdyrlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň çaklamalaryna görä, Siriýadaky çaknyşyklarda häzire çenli 70 müň adam heläk bolupdyr. Russiýa bolsa prezident Başar al-Assad bilen arasyny saklaýan az sanly ýurtlaryň biridir.

ABŞ-nyň baş diplomaty Kerri saparynyň dowamynda Fransiýada, Italiýada, Türkiýede, Müsürde, Saud Arabystanynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Katarda hem bolup, bu ýurtlaryň liderleri bilen gepleşik geçirer.

Paýlaş

Bulary okadyňyzmy?

  • Türkiýe Siriýanyň söweş uçaryny ýere gaçyrdy 24 Mar, 2014
  • 2014-däki Türkiýäniň kyssasy 6 Jan, 2014
  • Taryha gaýgy bilen garaýyş 31 Dec, 2013
  • “Armaco” saudlaryň geljegini kesgitleýär 27 Sep, 2013

Seslen Jogaby goýbolsun et

Siziň e-mail adresiňiz çap edilmez. Zerur maglumatlarda * belligi bar

  • Öňki makala Pentagonyň täze ýolbaşçysy tassyklandy
  • Indiki makala Täze pasyla täze gadamlar bilen…
  • Hepdäniň wideosy

    • Comments
    • Most Popular
    • Adam seslendi:Taryha gaýgy bilen garaýyş
    • Lachyn seslendi:Russiýa näme üçin indi Günbatardan çekinenok?
    • Batyr seslendi:NATO Russiýany köşeşmäge çagyrýar
    • Batyr seslendi:Russiýa töletmekmi? Dilde aňsat…
    • Bagdagul seslendi:Germaniýa ýerinden turdy
  • Hyzmatdaşlar

    turkmen-photos

    turkmenportaldotcom

    magymgulyicon
  • Baş sahypa
  • Neşir barada
  • Hususyýet
  • Tehniki maglumat
  • KSS
  • Çeşmeler
  • Hat ýaz

© HALKARA 2014. Ähli hukuklary goralandyr.